Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň DIM-de Hazar deňziniň suwunyň çekilmegi bilen bagly meseleler gozgaldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň on birinji mejlisinde Hazar deňziniň suwunyň çekilmegi bilen bagly meseleler gozgalyp, hazarýaka döwletleriniň iş toparyny döretmek teklip edildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Maslahata Hazarýaka döwletleriň wekiliýetleri gatnaşdy: Türkmenistanyň wekiliýetine M.G.Atajanow, Azerbaýjanyň wekiliýetine S.A.Şarifow, Eýranyň wekiliýetine K.G.Abadi, Gazagystanyň wekiliýetine Z.A.Amanžolowa we Russiýanyň wekiliýetine N.N.Udowiçenko ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisiň dowamynda taraplar Hazar deňzinde asyl göni çyzyklary goýmagyň usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Hazar deňzindäki hyzmatdaşlygyň ösüşine syn berildi hem-de Daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyna taýýarlyk meselelerine garaldy.

Hazar deňzi meseleleri boýunça iş toparynyň on birinji mejlisi 15-nji sentýabrda başlady we öz işini dowam etdirýär.

Türkmenbaşy şäherinde 12-nji awgustda Halkara Hazar güni mynasybetli geçirilen maslahatda 2026-njy ýylda Hazar sammitiniň Eýranda geçiriljekdigi mälim edildi.

Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary