Habarlar / Habarlar
Türkmenistan bilen Gruziýa köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk hakynda dokumental film düşürmekçi

Türkmenistan bilen Gruziýa iki ýurduň arasynda berk dostluk däplerine we netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýan dokumental film surata düşürmekçi. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy habar berýär.

Film döretmek meselesi Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Dowletmyrat Seýitmämmedowyň meşhur gruzin režissýory Tengiz Malaniýa bilen Tbiliside geçirilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gruziýanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen durmuşa geçiriljek film, Türkmenistan bilen Gruziýanyň syýasy, söwda-ykdysady, ulag-energetika hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda gazanan üstünliklerini giňden açyp görkezmegi maksat edinýär.

Duşuşykda diplomat Türkmenistanda giň göwrümde geçirilýän halkara çäreleri, aýratyn-da Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de 2025-nji ýylyň ‘Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly’ diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreler barada gürrüň berdi.

Taraplar bilelikdäki bu döredijilik taslamasynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegine we täze başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant boljakdygyna ynam bildirdiler.

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 16-njy iýulynda ýola goýuldy. Şondan bäri ýurtlaryň arasynda ykdysadyýet, ulag, energetika, medeniýet we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk üstünlikli dowam edip gelýär.

Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary