Habarlar / Habarlar
Türkmenistan we Owganystan söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy berkidýär

Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow penşenbe güni Owganystanyň Söwda we senagat edarasynyň (ACCI) başlygy Saýed Mohammad Karim Haşemi bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda iki ýurduň söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Owganystanyň Söwda we senagat edarasynyň habar bermegine görä, taraplar iki ýurduň önümlerini öňe sürmekde bilelikdäki sergileri geçirmegiň ähmiýetini bellediler.

Owganystanyň Söwda we senagat edarasy ýurduň esasy işewür birleşigi bolup, ýurduň işewürlerini birleşdirýär we olaryň bähbitlerini goramak bilen, söwda we maýa goýumlaryny çekmek, sergileri, işewür forumlary, duşuşyklary hem-de saparlary guramak bilen meşgullanýar.

Türkmenistan we Owganystan energiýa, söwda we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler we serhetara taslamalary amala aşyrýarlar. Olar türkmen gazynyň we elektrik energiýasynyň Owganystana iberilmegi, şeýle hem elektrik geçiriji liniýalaryň we demir ýol bölekleriniň gurluşygyny öz içine alýar.

Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçis...
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş...
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy