Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti KHDR-nyň we Täjigistanyň ýolbaşçylaryny milli baýramlary bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň döredilen güni mynasybetli ýurduň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yny we KHDR-nyň halkyny gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Gutlagda Prezident Serdar Berdimuhamedow Kim Çen Yna berk jan saglyk we bagtyýarlyk, ýurduň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Şol gün hem Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmony we ýurduň halkyny gutlady.

Gutlag hatynda soňky ýyllarda Täjigistanda durmuş-ykdysady abadançylygyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy we  halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde eýeleýän ornunyň işjeň ýokarlanýandygyny belledi.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Täjigistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda tagallalary dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklap, Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Täjigistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary