Habarlar / Habarlar
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan täze resminamalar toplumyna gol çekdiler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew anna güni Awazada üçtaraplaýyn formatyndaky duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň netijeleri boýunça ulag, awiasiýa hem-de söwda ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

“Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň arasynda halkara howa gatnawyny mundan beýläkde ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle hem Arkadag şäheri (Türkmenistan) bilen Fizuli şäheriniň (Azerbaýjan Respublikasy) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Teswirnama hem gol çekildi.

Türkmenistan we Özbegistan gämi gurluşygy we raýat awiasiýasy babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ylalaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy bilen “Özbek respublikan haryt-çig mal biržasy” paýdarlar jemgyýetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdiler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň hem-de Özbegistan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag-logistika hyzmatdaşlygy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Sammitiň jemleri boýunça taraplar Bilelikdäki Beýannamasyny kabul etdiler. Onda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine, ynamyň we özara düşünişmegiň berkitmäge hyzmat etjekdigi nygtalýar.

Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder...
Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder
Milli döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmasy: Türkmenistanda Konstitusi...
Milli döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmasy: Türkmenistanda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty ge...
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi
Merkezi Aziýanyň logistika strategiyasy Astanada kesgitlener: Türkmen işewü...
Merkezi Aziýanyň logistika strategiyasy Astanada kesgitlener: Türkmen işewürleri halkara foruma çagyrylýar
Aşgabat şäherinde GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady
Türkmenistanyň gämi gurluşygynda täze döwür: “Gadamly” ilkinji halkar...
Türkmenistanyň gämi gurluşygynda täze döwür: “Gadamly” ilkinji halkara ýüzüşinde
«GADAMLY» GURY ÝÜK GÄMISINIŇ DABARALY AÇYLYŞY MYNASYBETLI HOŞALLYK ÝÝ...
«GADAMLY» GURY ÝÜK GÄMISINIŇ DABARALY AÇYLYŞY MYNASYBETLI HOŞALLYK ÝÝGNAGY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Prezidenti täze «Gadamly» gury ýük gämisiniň ulanmaga be...
Türkmenistanyň Prezidenti täze «Gadamly» gury ýük gämisiniň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabarara gatnaşdy
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi