Habarlar / Habarlar
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Prezidentlerine sowgat gowşurdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Alyýew we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde Awazada geçirilen medeni çärä gatnaşdy. Çäräniň dowamynda doganlyk ýurtlaryň Döwlet Baştutanlaryna ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine "Tawus" atly ahalteke bedewi, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine bolsa arwana köşekli düýe sowgat berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow, Ilham Alyýew we Şawkat Mirziýoýew, 2025-nji ýylyň 22-nji awgusty, Awaza, Türkmenistan (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy)

 

Medeni çärede, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at oýunlar toparynyň çykyşlary görkezildi. Topar ahalteke bedewleriniň üstünde çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirdi.

Şeýle hem, 2025-nji ýylyň 17-nji iýulynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Alyýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa “Dostluk” atly garabag bedewini sowgat etdi.

Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder...
Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder
Milli döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmasy: Türkmenistanda Konstitusi...
Milli döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmasy: Türkmenistanda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty ge...
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi
Merkezi Aziýanyň logistika strategiyasy Astanada kesgitlener: Türkmen işewü...
Merkezi Aziýanyň logistika strategiyasy Astanada kesgitlener: Türkmen işewürleri halkara foruma çagyrylýar
Aşgabat şäherinde GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady
Türkmenistanyň gämi gurluşygynda täze döwür: “Gadamly” ilkinji halkar...
Türkmenistanyň gämi gurluşygynda täze döwür: “Gadamly” ilkinji halkara ýüzüşinde
«GADAMLY» GURY ÝÜK GÄMISINIŇ DABARALY AÇYLYŞY MYNASYBETLI HOŞALLYK ÝÝ...
«GADAMLY» GURY ÝÜK GÄMISINIŇ DABARALY AÇYLYŞY MYNASYBETLI HOŞALLYK ÝÝGNAGY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Prezidenti täze «Gadamly» gury ýük gämisiniň ulanmaga be...
Türkmenistanyň Prezidenti täze «Gadamly» gury ýük gämisiniň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabarara gatnaşdy
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi