Habarlar / Habarlar
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2025-nji ýylyň 20-nji awgustynda Waşington şäherinde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň on birinji tapgyry geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Geňeşmeleriň türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan tarapyna bolsa ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Mark Pommerşaým ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem “C5+1” formatyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda syýasy geňeşmeler, 2025-nji ýylyň 20-nji awgusty, Waşington, ABŞ (Surat: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi)

 

Söhbetdeşligiň barşynda iri amerikan kompaniýalary bilen bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylyşy we Türkmenistanda maýa goýum işjeňligini giňeltmegiň mümkinçilikleri aýratyn üns merkezinde boldy.

Duşuşykda yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde özüni oňyn tarapdan görkezýändigi bellenildi.

2025-nji ýylyň 20-nji awgustynda Waşington şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen duşuşygy hem geçirildi.

Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder...
Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder
Milli döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmasy: Türkmenistanda Konstitusi...
Milli döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmasy: Türkmenistanda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty ge...
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi
Merkezi Aziýanyň logistika strategiyasy Astanada kesgitlener: Türkmen işewü...
Merkezi Aziýanyň logistika strategiyasy Astanada kesgitlener: Türkmen işewürleri halkara foruma çagyrylýar
Aşgabat şäherinde GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady
Türkmenistanyň gämi gurluşygynda täze döwür: “Gadamly” ilkinji halkar...
Türkmenistanyň gämi gurluşygynda täze döwür: “Gadamly” ilkinji halkara ýüzüşinde
«GADAMLY» GURY ÝÜK GÄMISINIŇ DABARALY AÇYLYŞY MYNASYBETLI HOŞALLYK ÝÝ...
«GADAMLY» GURY ÝÜK GÄMISINIŇ DABARALY AÇYLYŞY MYNASYBETLI HOŞALLYK ÝÝGNAGY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Prezidenti täze «Gadamly» gury ýük gämisiniň ulanmaga be...
Türkmenistanyň Prezidenti täze «Gadamly» gury ýük gämisiniň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabarara gatnaşdy
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi