Habarlar / Habarlar
Türkmenistan bilen Pakistan söwda we ulag mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi Atajan Möwlamow duşenbe güni Yslamabatda Pakistanyň Federal Maliýe we girdejiler ministri senator Muhammad Aurangzeb bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar işewürlik üçin amatly şertleri döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy habar berýär.

Duşuşykda taraplar türkmen–pakistan gatnaşyklarynyň dostlukly häsiýetini belläp, özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, maýa goýumlarynyň artdyrylmagyna we söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirdiler. Hususan-da, diplomatlar TAPI gaz geçirijisiniň gurulmagyny çaltlandyrmagyň sebitleýin ykdysady gatnaşyklarda möhüm orun eýeleýändigini bellediler.

Atajan Möwlamowyň, Ýeržan Kistafin bilen bilelikde Muhammad Hanif Abbasi bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 8-nji awgusty, Yslamabat, Päkistan (Surat: Türkmenistanyň Päkistandaky ilçihanasy)

 

Şeýle hem, Atajan Möwlamow 8-nji awgustda Gazagystanyň Ilçisi Ýeržan Kistafin bilen bilelikde Pakistanyň Demirýol işleri boýunça Federal ministri Muhammad Hanif Abbasi bilen duşuşdy. Bu duşuşykda iki taraplar ulag we logistika infrastrukturasyny ösdürmek, Merkezi Aziýa bilen Günorta Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmek babatda pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklap, logistika ugurlarynyň giňeldilmegi we infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine, sebitleýin söwdanyň ösdürilmegine, maýa goýumlaryň artdyrylmagyna we durnuklylygyň berkidilmegine itergi berjekdigini bellediler.

Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary