Habarlar / Habarlar
Türkmenistan we Awstriýa TAPI we TAP taslamalary boýunça pikir alyşdy

2025-nji ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabat şäherinde Awstriýa Respublikasynyň täze bellenen Ilçisi Wolfgang Oliwer Kutşerа bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara energetika hyzmatdaşlygynyň möhüm taslamalary bolan TAPI (Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan) gaz geçirijisi hem-de TAP (Türkmenistan–Owganystan–Pakistan) elektrik geçiriji boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.

Duşuşykda bu taslamalaryň türkmen energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwerisfikasiýalaşdyrmakda we sebitleýin energetika howpsuzlygyny berkitmekde möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy habar berýar.

Diplomatlar häzirki sebitleýin ýagdaýy ara alyp, Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky bitaraplyk, goňşuçylyk we özara peýdaly hyzmatdaşlyga esaslanýan möhüm ugurlary maslahatlaşdy.

Türkmen tarapy, sebitiň döwletleri arasynda özara düşünişmegi we ynamy berkitjek köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşmaga çalyşýandygyny belläp geçdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Awstriýanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek hem-de yzygiderli diplomatik dialogy ösdürmek isleglerini beýan etdiler.

TAPI gaz geçirijisi takmynan 1800 kilometre barabar bolup, onuň 200 kilometri Türkmenistanyň, 773 kilometri Owganystanyň we 827 kilometri Pakistanyň çäginden geçýär. Bu gaz geçirijiniň ýyllyk ýokary geçirijilik ukyby 33 milliard kub metr gaza barabardyr.

TAP elektrik geçirijisi bolsa TAPI gaz geçirijisine goşmaça taslama hökmünde meýilleşdirilip, sebitiň energetika infrastrukturasynda möhüm orny eýeleýär we goňşy ýurtlarda durnukly energiýa üpjünçiligini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary