Habarlar / Habarlar
Aşgabatda Malaýziýanyň saglyk maksatly syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy

Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde duşenbe güni “Malaýziýanyň saglygy goraýyşyny özüň üçin aç” atly ýörite tanyşdyrylyş çäresini geçirdi. Çäre “Arkaç” söwda merkezindäki “Iş Nokady” koworking-merkezinde geçirildi. Bu barada Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Bu çäre 2026-njy ýylda Malaýziýada geçiriljek “Lukmançylyk syýahatçylygy ýylynyň” we “Malaýziýanyň syýahatçylyk ýylynyň” öňüsyrasynda guraldy. Lukmançylyk syýahatçylygy ýylynyň “Bejergi myhmansöýerlik bilen utgaşýar” diýen şygary bolsa ýurduň ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryny we myhmansöýerligini görkezýär.

Şeýle hem, çärä gatnaşyjylar “Malaýziýa: durnukly ugur we baý medeniýet” şygary astynda geçjek “Malaýziýanyň syýahatçylyk ýylynyň”  maksatnamasy bilen tanyşdyryldylar. Bu maksatnama ýurduň baý medeni mirasyny we tebigy gözelliklerini dünýä ýaýmaga gönükdirilendir.

Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddin çykyşynda ýurdyň öňdebaryjy lukmançylygy bilen syýahatçylyk mümkinçiliklerini utgaşdyrýan bu taslamlaryň aýratynlygyny belledi. Ilçi, syýahatçylaryň sanyny artdyrmaga ýardam berýän amatly şertleriň — Aşgabady Kuala-Lumpur bilen baglanyşdyrýan göni howa gatnawlarynyň we türkmen raýatlary üçin wizasyz Malaýziýa syýahat etmek mümkinçilikleriniň bardygyny aýratyn belläp geçdi.

Türkmenistanyň 30-a golaý syýahatçylyk agentliginiň wekilleri Malaýziýanyň lukmançylyk syýahatçylygynyň artykmaçlyklary, şeýle hem özünde saglygy bejerişi we dynç alyşy jemleýän toplumlaýyn hyzmatlary bilen tanyşdyryldy.

Malaýziýanyň lukmançylyk syýahatçylygy boýunça resmi geňeşiniň maglumatlaryna görä, bu ugur çalt depginde ösüp, ýokary halkara standartlaryna laýyk lukmançylyk hyzmatlary we döwrebap tehnologiýalar ony dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän adamlaryň ünsüni çekýän ugurlaryň birine öwürýär.

Fransiýa Türkmenistanyň üsti arkaly Özbegistana uly ýük ugratdy...
Fransiýa Türkmenistanyň üsti arkaly Özbegistana uly ýük ugratdy
Aşgabatda Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyşy geçirildi
Türkmenistan bilen ESKATO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk amaly ýerine ýetiriş...
Türkmenistan bilen ESKATO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk amaly ýerine ýetiriş tapgyryna geçýär
“Tehnologiýalar binasy” hususy kärhanasy Türkmenbaşyda täze Türgenleş...
“Tehnologiýalar binasy” hususy kärhanasy Türkmenbaşyda täze Türgenleşik okuw merkezini açdy
Türkmenbaşy we Baku portlarynyň hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy...
Türkmenbaşy we Baku portlarynyň hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy
“Azerbaýjan demir ýollary” AGPJ-niň ýolbaşçysy Türkmenbaşy portunyň...
“Azerbaýjan demir ýollary” AGPJ-niň ýolbaşçysy Türkmenbaşy portunyň infrastrukturasy bilen tanyşdy
Türkmenistan, Azerbaýjan, Özbegistan, Gruziýa Hazar arkaly ýük daşamalary...
Türkmenistan, Azerbaýjan, Özbegistan, Gruziýa Hazar arkaly ýük daşamalaryny ösdürmegi ylalaşdylar
Azerbaýjanyň “Barda” gämisi abatlaýyşdan soň Türkmenbaşa ilkinji ýüzüşini amala aşyrdy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy onlaýn sorag-jogap hyzmatyny ýola go...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy onlaýn sorag-jogap hyzmatyny ýola goýdy
Türkmen wekiliýeti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine g...
Türkmen wekiliýeti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar