Habarlar / Habarlar
Türkmenistan bilen Owganystan Turgundy portuny döwrebaplaşdyrmak boýunça şertnama gol çekdi

Türkmenistan we Owganystan Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän Turgundy gury ýer portunyň maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek barada ylalaşyga we şertnama gol çekdiler. Ylalaşyga laýyklykda portuň infrastrukturasyny giňeltmek üçin başlangyç 5 million ABŞ dollary maýa goýmak göz öňünde tutulýar. Bu barada anna güni “TOLOnews” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Taslamanyň çäklerinde täze ammarlary gurmak hem-de portuň çäginde birnäçe söwda ýüklerini ýükleýiş-düşüriş desgalarynyň taslamasyny düzmek we gurmak meýilleşdirilýär. Owganystanyň Jemgyýetçilik işler ministrliginiň wekili Mohammad Aşraf Hakşenasyň aýtmagyna görä, bu infrastruktura Turgundy — Hyrat demirýol boýunça ýükleri daşamak üçin ulanylar.

Onuň bellemegine görä, maýa goýum serişdeleri doly Türkmenistan tarapyndan üpjün edilip, işleriň ýerine ýetirilişi Owganystanyň ýerli kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylar. Taslama tamamlanandan soň, Türkmenistanyň goýan maýa serişdeleri täze desgalardan alynjak girdejileriň hasabyna  doly gaýtarylyp berler.

Türkmenistan Owganystanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Iki ýurduň arasynda elektrik energiýa, nebit we gaz üpjünçiligi ýaly ugurlarda hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TAPI) gaz geçirijisi, optiki süýümli aragatnaşyk we demirýol infrastrukturasyny ösdürmek ýaly iri sebitleýin taslamalarda hyzmatdaşlyk dowam edýär.

Turgundy portundaky taslamanyň durmuşa geçirilmegi iki ýurduň arasyndaky tranzit söwdasyny güýçlendirip, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň giňelmegine uly goşant goşmagyna garaşylýar.

Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary