Habarlar / Habarlar
ÝTÖB: Türkmenistanda hususy kärhanalar bäsdeşlige ukyply bahalary bilen tapawutlanýar

Türkmenistanda hususy kärhanalary energiýa serişdeleriniň bahasynyň elýeterliligi we zähmet güýjüniň amatlylygy bilen möhüm bäsdeşlik artykmaçlyklaryna eýedir. Bu barada Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwny “Trend” habar gullugyna beren interwýusynda aýtdy.

Erik Liwnynyň bellemegine görä, döwlet tarapyndan döredilen amatly şertleriň netijesinde işewürlik pudagy elektrik energiýasyny, suwy we ýer serişdelerini iň elýeterli bahadan üpjün edýär.

“Bu şertler importyň ornuny tutýan önümçiligiň çalt ösmegine ýardam berip, onuň netijesinde içerki bazarda islegiň çäkli bolmagy sebäpli eksport ugruna gönükdirildi” diýip Erik Liwny aýtdy. Onuň bellemegine görä, plastik gaplar, gurluşyk materiallary we ýyladyşhana önümlerini öndürýän pudaklar bäsdeşlige ukyplylygyny saklaýar.

ÝTÖB-iň Türkmenistandaky ýolbaşçysy Türkmenistanyň “Tudana” kompaniýasynyň Özbegistanyň iri “Korzinka” söwda toruny ýyladyşhanada ýetişdirlen ýertudana bilen üpjün edýändigini hem-de 100 gektar meýdanda içerki bazary üpjün etmek we eksport maksatly banan ösdürip ýetişdirýän “Miwe” agroönümçilik kärhanasyny mysal hökmünde görkezdi.

ÝTÖB Türkmenistandaky işleriniň çäginde ýurduň banklary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi, şol sanda daşary ykdysady işlere goldaw bermegi we kiçi hem-de orta telekeçiligiň yzygiderli karzlaşdyrylmalar bilen maliýeleşdirilmegini üpjün etmegi meýilleşdirýär.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky 1991-nji ýylda 40 ýurduň we iki halkara guramanyň bilelikdäki başlangyjy esasynda döredildi. Bank häzirki wagtda 34 ýurtda iş alyp barýar, Türkmenistandaky işleri bolsa 1992-nji ýylda başlandy. Bankyň wezipesi maliýe durnuklylygyny üpjün etmek, hususy telekeçiligi ösdürmek hem-de işewür gatnaşyklary pugtalandyrýan institusional gurallary döretmekden ybaratdyr.

Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary