Habarlar / Habarlar
Eýran demir ýol kompaniýasy Maşat — Mary gatnawyny ýola goýar

Eýran Yslam Respublikasynyň milli demir ýol kompaniýasy (RAJA) ýurduň Maşat şäherinden Türkmenistanyň Mary şäherine çenli täze halkara ýolagçy ugruny açmagy meýilleşdirýändigi barada kompaniýanyň baş direktory Jabbar Ali Zakeri mälim etdi. Bu barada “Mehr News” ýekşenbe güni habar berdi.

Jabbar Ali Zakeri täze halkara demir ýol ugry Eýranyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ykdysady we söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. Ugur doly işe girizilenden soň, eýran ýolagçylaryna Özbegistan bilen Täjigistana gitmäge has amatly mümkinçilikleri döreder.

Şeýle hem, kompaniýa Tähran — Ankara göni demir ýol gatnawyny ýola goýmaga taýýarlanýar, bu ugur boýunça ilkinji ýolagçy otlularyň iki aýyň dowamynda gatnap başlamagyna garaşylýar. Täze ugur häzirki wagtda hereket edýän Tähran — Wan ýolagçy gatnawynyň üstüni ýetirer.

Mundan başga-da, “RAJA” kompaniýasy Tähran we Meşhed şäherlerini Owganystanyň Hyrat şäheri bilen baglanyşdyrýan ýolagçy otly gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Jabbar Ali Zakeri bu taslamalaryň amala aşyrylmagy Eýranyň ýolagçy gatnaw mümkinçiliklerini giňelder hem-de Merkezi Aziýa döwletleri bilen ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny has-da berkider diýip belleýär.

Şeýle hem Eýranyň Türkmenistan bilen serhedinde ýerleşýän Sarahs demir ýol terminalynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýändigi bellenilip geçilýär. Bu terminal sebitde logistika mümkinçilikleriniň ösüşine uly itergi berer.

Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary