Habarlar / Habarlar
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işgärleri, Kuala-Lumpurdaky sebit maksatnamasynda Türkmenistana wekilçilik edýär

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň iki sany wekili, Malayziýanyň ulag Ministrliginiň goldamagy bilen Klang Porty (PKA) tarapyndan gurnalan Sebitdäki deňiz kuwwatyny ýokarlandyrmak maksatnamasyna gatnaşýarlar. Bu maksatnama 2025-nji ýylyň 21-25-nji iýulynda Kuala Lumpurda geçirilýär we Merkezi Aziýa, Günorta Aziýa we ASEAN sebitiniň 15 ýurdundan 29  sany wekili birleşdirýär. Maksatnama hususanda Malayziýanyň tejribelerine esaslanyp, deňiz port hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, ylmy tejribeleri paýlaşmak maksady bilen geçirilýär.

Çäre resmi taýdan Malayziýanyň ulag ministriniň orunbasary YB Datuk Haji Hasbi bin Haji Habibollah tarapyndan açyldy. Bäş günlük maksatnamanyň dowamynda Malayziýanyň hünärmenleri port meýilnamalaşdyryş, akylly logistika, ýük operasiýalary, Halkara Deňiz Guramasynyň (IMO) ylalaşyklary, Ekologiki, Sosial we Dolandyryş (ESG) ýörelgeleri we sanlylaşdyrma başlangyçlary ýaly möhüm ugurlar boýunça maslahat beriş seminarlary geçirerler.

Bu başlangyç, Malayziýanyň dünýäde giňden kabul edilýän deňiz ösüşine bolan goşandyny we goldawyny şeýle-de, dünýäniň iň gowy 10 konteýner portundan biri hökmünde Klang Portunyň eýeleýän ornuny görkezýär.

Türkmen wekilleriniň bu maksatnama gatnaşmagy, deňiz tejribesini ýokarlandyrmak we deňiz ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça ygrarlylygymyzy görkezýär.

Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçis...
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş...
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy