Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň mugallymlary Almatyda C5+ONE sebitleýin maksatnamasynyň çäklerinde hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar

7-nji iýuldan 4-nji awgust aralygynda ýurdumyzyň birnäçe ýokary we umumybilim berýän orta mekdepleriniň iňlis dili mugallymlarynyň 27-si ABŞ-nyň C5+ONE sebitleýin maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşmak üçin Almaty şäherinde bolýarlar.

C5+ONE (Opening Networks through English – iňlis dili arkaly hünär gatnaşyklaryny ýola goýmak) maksatnamasynyň çäresi Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan – Türkmenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan iňlis dili mugallymlaryny bir ýere jemledi.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar hünär taýdan okatmagyň uýgunlaşdyrylan bilim maksatnamasy esasynda iňlis dili boýunça taýýarlygyň ýygjam okuwlaryny geçýärler. Amaly okuwlaryň hem-de ussatlyk sapaklarynyň dowamynda mugallymlar iňlis dilini okatmagyň häzirki zaman usulyýetlerini öwrenýärler, iňlis diline erk edip biliş derejelerini ýokarlandyrmagyň, bilimlerini we başarnyklaryny kämilleşdirmegiň üstünde yhlasly işleýärler. Şeýle hem mugallymlar şahsy tejribelerini alyşýarlar hem-de okuwçylary we talyplary okatmak işinde iňlis dilini öwretmegiň öňdebaryjy tejribelerini hem-de sanly tehnologiýalary peýdalanmagyň üstünlikli nusgalaryny paýlaşýarlar.

C5+ONE maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän okuwlar türkmen mugallymlarynyň dil başarnyklarynyň gowulanmagyna, olaryň hünär tejribeleriniň baýlaşmagyna, peýdaly aragatnaşyklarynyň giňemegine we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna ýardam edýär. Çäräniň geçirilmegi geljekde iňlis dilini okatmagyň milli usulyýetine dünýäniň iň gowy tejribelerini ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Almatydaky häzirki okuw maslahaty mugallymlar üçin bilim maksatnamasynyň ikinji tapgyrydyr. Umuman, maksatnama özara baglanyşykly üç tapgyry özünde jemleýär. Olaryň ilkinjisi 13-nji maýdan 9-njy iýun aralygynda onlaýn-okuwlar görnüşinde geçdi. 2025-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2026-njy ýylyň maý aýy aralygynda geçiriljek üçünji tapgyryň çäklerinde torlary döretmek, hyzmatdaşlyk etmek we hünär taýdan ösmek boýunça çäreler meýilleşdirildi.

C5+ONE sebitleýin maksatnamasy Merkezi Aziýada iňlis dili arkaly hünär aragatnaşyklaryň ösdürilmegine, hünär boýunça gatnaşyk etmek we halkara hyzmatdaşlyk ulgamynda oňa gatnaşyjylaryň mümkinçilikleriniň giňelmegine gönükdirilendir. Bilim edaralarynyň, döwlet edaralarynyň, raýat jemgyýetiniň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hususy ulgamynyň wekilleri C5+ONE maksatnamasyna gatnaşyjylardyr. Maksatnama iňlis dili boýunça ýygjam okuwlary, milli we sebitleýin okuw maslahatlary, webinarlary we onlaýn-aragatnaşyklary, desgalara barlyp görülmegini hem-de hünär taýdan ösmäge degişli çäreleri, halypaçylygy we uçurymlar bilen gatnaşyklary özünde jemleýär. C5+ONE maksatnamasy adam mümkinçiliginiň ösdürilmeginde, sebit boýunça ýakynlaşmakda hem-de iňlis dilinde gürleýänleriň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary