Habarlar / Habarlar
Eýranyň Sarahs demir ýolunyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar

Türkmenistan bilen serhetleşýän Eýranyň Sarahs demir ýol geçelgesiniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Häzirki wagta çenli taslamanyň 60%-i ýerine ýetirildi. Bu barada IRNA agentligi habar berdi.

Horasan demir ýollarynyň müdiri Mustafa Nasyry Warganyň bellemegine görä, häzirki wagtda hususy ulgamyň gatnaşmagynda 18 gektar meýdanda konteýnerleri ýüklemek üçin ýöriteleşdirilen zolagyň gurluşygy işjeň alnyp barylýar.

Gurluşyk tamamlanandan soň, bu demir ýol Eýran, Merkezi Aziýa we Hytaý aralygynda ýük daşamakda möhüm logistika merkezine öwrüler. Bu ýerde häzirki zaman ýükleýiş we düşüriş enjamlary ornaşdyrylyp, Eýrandan demir ýol arkaly ýükleriň netijeli daşalmagyny ýola goýmaga we soňra olary Hytaý, ondan soňra Günbatar hem-de Günorta ýurtlaryna ugrukdyrmaga mümkinçilik berer.

Taslamanyň esasy maksady halkara ulag geçelgeleri bolan “Demirgazyk — Günorta” we “Gündogar — Günbatar” ugurlary boýunça ýük daşalyşyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Geljekde bu taslama diňe bir ýükleriň üstaşyr geçiriliş tizligini ösdürmän, eýsem Eýranyň, Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň arasynda eksport-import amallaryny hem ýeňilleşdirer.

Şeýle hem bu taslamanyň çäklerinde Sarahs – Inçeburun demir ýol ugrunyň ösdürilmegi meýilleşdirilip, Eýrandan Hytaýa, soňra bolsa beýleki Ýewropa ýurtlaryna tarap ýük daşamagyň mümkinçiligi üpjün ediler. Bu demir ýol geçelgeleri arkaly amala aşyryljak ýük gatnawlarynyň sebitde halkara söwda we üstaşyr geçirmeklik boýunça möhüm logistika merkezine öwrüljekdigini alamatlandyrýar.

Sarahs şäheri Eýranyň demirgazyk-gündogar künjeginde, Maşatdan 185 kilometr uzaklykda ýerleşip, goňşy Merkezi Aziýa döwletleri bilen daşary söwda we üstaşyr geçirmek boýunça möhüm düzüm bolup çykyş edýär.

Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary