Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň wekiliýeti Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça dördünji halkara maslahata (FFD4) gatnaşýar

2025-nji ýylyň 30-njy iýunyndan 3-nji iýuly aralygynda Sewilýa şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe ministri M.Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça dördünji halkara maslahata (FFD4) gatnaşýar.

Çärä döwlet we hökümet baştutanlary, BMG-niň Baş sekretary, Bütindünýä bankynyň, Halkara walýuta gaznasynyň, BSG hem-de beýleki halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşýar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda maslahatyň möhüm wakalarynyň biriniň Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça dördünji halkara maslahatyň Jemleýji resminamasynda öz beýanyny tapan ösüşi maliýeleşdirmäge täzelenen ählumumy çemeleşmäniň bolup durýandygyny belledi. M.Astanagulow Jemleýji resminamada görkezilen maslahatlara, şol sanda Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin Hereketleriň meýilnamasyny öz içine almak bilen degişli ösüş maksatnamalaryna we strategiýalaryna Türkmenistanyň ygrarly boljakdygyny belledi.

Çäräniň dowamynda maslahatyň dünýä, milli we ýerli derejelerde maliýe ulgamlaryny özgertmek, şol sanda halkara maliýe arhitekturasynyň üýtgemegine goldaw bermek we Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmekde maýa goýumlarynyň çekilmegine päsgel berýän böwetleri aýyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ajaýyp mümkinçiligi döredýändigi bellenildi.

Şeýle hem, ählumumy ykdysady özgerişler şertlerinde durnukly ulag ulgamlarynyň ösdürilmeginiň, maddy-tehniki arabaglanyşygyň we dünýä derejesinde ygtybarly ulag-aragatnaşyk infrastrukturasynyň döredilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Mundan başga-da, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň durnukly ösüşi maliýeleşdirmek, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we bu döwletlerde ýüze çykýan meseleleri çözmekde netijeli strategiýalary kesgitlemek ýaly meseleler boýunça dialogy ösdürmek üçin möhüm platforma hökmünde hyzmat etjekdigine ynam bildirildi.

Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy
Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder...
Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder
Milli döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmasy: Türkmenistanda Konstitusi...
Milli döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmasy: Türkmenistanda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty ge...
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi
Merkezi Aziýanyň logistika strategiyasy Astanada kesgitlener: Türkmen işewü...
Merkezi Aziýanyň logistika strategiyasy Astanada kesgitlener: Türkmen işewürleri halkara foruma çagyrylýar