Habarlar / Habarlar
Aşgabat Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin okuw merkezine öwrüldi

Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezi Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) sebitleýin okuw merkeziniň derejesini aldy. Türkmenistan bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda degişli Ähtnama 2025-nji ýylyň 26–28-nji iýunynda geçirilen guramanyň geňeşiniň 145–146-njy sessiýasynda gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär.

Bu resminama hünär taýýarlygy we gümrük işi babatda halkara bilim gatnaşyklaryny giňeltmek ugrundaky hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar.

Okuw merkezi Bütindünýä gümrük guramasynyň standartlaryna we okuw maksatnamalaryna laýyklykda iş alyp barar. Ol Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärlerini okatmak, gaýtadan taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, sebitdäki beýleki ýurtlaryň gümrük işgärlerine-de hyzmat eder.

Türkmenistan bilen Bütindünýä Gümrük Guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy, 2025-nji ýylyň 26–28-nji iýuny, Brýussel, Belgiýa.

 

Bu derejäniň berilmegi bilen halkara bilermenleriň gatnaşmagynda bilelikdäki seminarlary, okuw maslahatlaryny we ylmy-barlag taslamalaryny geçirmäge mümkinçilik döredýär. Bu ädim Türkmenistanyň dünýä gümrük jemgyýetçiligindäki işjeň ornuny güýçlendirýär we sebit derejesinde hünär okuw ulgamynyň emele gelmegine ýardam berýär.

Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) 1952-nji ýylda esaslandyrylan halkara hökümetara gurama bolup, dünýäniň 180-den gowrak gümrük edaralaryny birleşdirýär.

Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy
Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder...
Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder
Milli döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmasy: Türkmenistanda Konstitusi...
Milli döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmasy: Türkmenistanda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty ge...
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi
Merkezi Aziýanyň logistika strategiyasy Astanada kesgitlener: Türkmen işewü...
Merkezi Aziýanyň logistika strategiyasy Astanada kesgitlener: Türkmen işewürleri halkara foruma çagyrylýar