Habarlar / Habarlar
Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding”, “Çalyk Holding” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak hem-de “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen aýratynlykda duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we türk kompaniýalarynyň Türkmenistandaky iş tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni we Arkadag şäheriniň esaslandyrylmagynyň iki ýyllygy bilen gutladylar.

Erman Ylyjak Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurtda giň gerimli şähergurluşyk özgertmeleriniň başlanylandygyny, häzirki wagtda bu işleriň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli alnyp barylýandygyny nygtady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öz gezeginde kompaniýanyň türkmen bazaryndaky jogapkärli işini we halkara ölçeglere laýyk gelýän desgalaryň gurluşygyna goşan goşandyny belledi.

“Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen geçirilen duşuşykda köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika, gurluşyk we saglygy goraýyş ugurlaryndaky taslamalara aýratyn üns berildi. Türkmen-türk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna taryhy ýakynlygyň we ösüşe bolan umumy islegiň ýardam edýändigi nygtaldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen ykdysady gatnaşyklarda deňhukuklylyk we özara bähbitlere hormat goýmak ýörelgelerine eýerýändigini nygtady. Şeýle-de, bilelikdäki taslamalarda ylmy çemeleşmeleriň, innowasion çözgütleriň we döwrebap tehnikanyň ulanylmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Türk kompaniýalarynyň wekilleri öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny jogapkärçilikli ýerine ýetirmegi dowam etdirjekdiklerini hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýardyklaryny mälim etdiler.

Duşuşyklaryň ahyrynda taraplar birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy
Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder...
Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder
Milli döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmasy: Türkmenistanda Konstitusi...
Milli döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmasy: Türkmenistanda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty ge...
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi
Merkezi Aziýanyň logistika strategiyasy Astanada kesgitlener: Türkmen işewü...
Merkezi Aziýanyň logistika strategiyasy Astanada kesgitlener: Türkmen işewürleri halkara foruma çagyrylýar