Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň ýolbaşçylary “Daewoo” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşyk geçirdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni ýurda sapar bilen gelen “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-jun bilen duşuşyk geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Jong Won-junyň arasynda geçirilen duşuşyk:

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň arasynda Türkmenabatdaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumy gurmak barada şertnamanyň baglaşylandygyny aýdyp, munuň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze tapgyryň başlanýandygyny belledi we “Daewoo” kompaniýasynyň ähli işgärlerine bu taslamany amala aşyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Işewür geljegi uly türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmaga döredilýän mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-jun bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 28-nji iýuny (Surat: “Watan habarlary”)

 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Jong Won-junyň arasynda geçirilen duşuşyk:

Türkmen halkynyň Milli Lideri koreý kompaniýalarynyň Arkadag şäherinde gurulýan Medisina klasterinde hem iş alyp barýandyklaryny belläp, Türkmenistanda täze gurulýan desgalaryň önümçilik taýdan netijeli bolmagyna, ekologiýa kadalarynyň berjaý edilmegine, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýändigini aýtdy hem-de “Daewoo” kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirjekdiklerini ynam bildirdi.

Işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge döredilýän şertler üçin hoşallyk bildirip, Koreýanyň Taekwondo Federasiýasynyň Gurbanguly Berdimuhamedowa taekwondonyň iň ýokary ussatlyk derejesini – dokuzynjy dany bermek barada çözgüt kabul edendigini aýtdy we bu baradaky degişli sertifikaty hem-de ýörite taekwondo sport lybasy gowşurmaga rugsat bermegini haýyş etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda sportuň bu görnüşiniň giňden ýaýrandygyny aýdyp, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Koreýa Respublikasynyň Kukkiwon taekwondo federasiýasynyñ ýolbaşçysynyň türkmen türgenleri bilen duşuşyk geçirip, özüniň maslahatlaryny bermegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy
Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder...
Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder
Milli döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmasy: Türkmenistanda Konstitusi...
Milli döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmasy: Türkmenistanda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty ge...
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi
Merkezi Aziýanyň logistika strategiyasy Astanada kesgitlener: Türkmen işewü...
Merkezi Aziýanyň logistika strategiyasy Astanada kesgitlener: Türkmen işewürleri halkara foruma çagyrylýar