Habarlar / Habarlar
Türkmenistanda hususy hünär bilimi edaralarynyň işi ygtyýarlandyrylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki ýokary okuw mekdepleriniň işini düzgünleşdirmek we ygtyýarlylandyrmak boýunça degişli işleri alyp barýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Bilim ministrligi hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň görnüşleriniň sanawyna “Ýokary hünär bilimi” hem-de “Ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi” iş ugurlaryny girizmek maksadalaýyk hasaplanýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly üns berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki hünär bilimi edaralaryny ygtyýarlylandyrmak bilen bagly taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň döwlet Baştutany Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda Permana hem gol çekdi.

Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy
Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder...
Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder
Milli döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmasy: Türkmenistanda Konstitusi...
Milli döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmasy: Türkmenistanda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty ge...
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi
Merkezi Aziýanyň logistika strategiyasy Astanada kesgitlener: Türkmen işewü...
Merkezi Aziýanyň logistika strategiyasy Astanada kesgitlener: Türkmen işewürleri halkara foruma çagyrylýar