Habarlar / Habarlar
Türkmenistanda türkmen-rus uniwersitetini döretmek meýilleşdirilýär

Russiýa bilen Türkmenistan bilelikdäki uniwersiteti döretmek boýunça hökümetara ylalaşyga gol çekmäge taýýarlyk görýär. Bu barada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda eden çykyşynda aýtdy. Bu barada TASS agentligi berdi.

“Ýakyn wagtda giň gerimli taslamany türkmen-rus uniwersitetini döretmegi meýilleşdirýäris. Şu gün men kärdeşim we dostum Raşid Meredow bilen degişli hökümetara ylalaşygy taýýarlamak boýunça görülýän çäreleri ara alyp maslahatlaşdym” diýip, Sergeý Lawrow belledi.

Russiýanyň daşary işler ministri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çekip, Türkmenistanyň rus diline, edebiýatyna we medeniýetine bildirýän gyzyklanmasy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem ol Aşgabatda rus drama teatrynyň meşhurlygyny we Puşkin adyndaky bilelikdäki mekdebiň üstünlikli işini aýratyn nygtady.

“Russiýada türkmen dili uniwersitetlerde hem-de türkmenleriň köp ýaşaýan sebiti bolan Astrahan oblastyndaky ýöriteleşdirilen mekdepde öwrenilýär” diýip, ilçi sözüniň üstüni ýetirdi.

Sergeý Lawrow çarşenbe güni resmi sapar bilen Aşgabada geldi. Şol gün onuň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy hem-de daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşikleri geçirildi.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy