Habarlar / Habarlar
Oktýabr: Aşgabatda OGT 2025 halkara maslahaty we sergisi geçiriler

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde şu ýylyň 22-24-nji oktýabrynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025” (OGT 2025) atly halkara maslahat we sergi geçiriler. OGT 2025 halkara maslahaty we sergini gurnaýjylar bu waka resmi hasaba alyşyň başlanandygyny habar berýärler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar bermegine görä, “Energiýa. Innowasiýa. Ösüş” şygary astynda geçiriljek OGT 2025 maslahaty 60-dan gowrak ýurtdan wekilleri özünde jemläp, aşakdaky esasy mowzuklara üns berer:

– Halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we Durnukly energetiki ösüşe ýardam bermek BMG-niň yglan eden Parahatçylyk we ynam ýylynyň çäklerinde;

– Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrmak;

– Dünýä energetikasynyň energetiki geçiş we dekabrbonizasiýa ugurlary boýunça derňewler;

– Uglewodorod känleriniň özleşdirilişiniň ekologiýa bilen baglanyşykly meseleleri;

– Uglewodorod çykaryşynda emeli intellektiň artýan orny.

Şeýle hem maslahatda halkara maýa goýujylara we hünärmenlere “Galkynyş” gaz käniniň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri; Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan (TAPI) gaz geçirijisiniň gurluşygy; Hazar deňziniň türkmen sektoryndaky maýa goýum taslamalary; Tebigy gazyň täze ugurlar boýunça eksportynyň giňeldilmegi; Gaz gaýtadan işlemek we nebit-himiýa senagatynyň ösüşi; Durnukly ösüş başlangyçlary, şol sanda metan zyňyndylaryny azaltmak we täzelenýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamalar (mysal üçin: Altyn Asyr kölüniň ýanyndaky gün-ýel elektrik stansiýasy) ýaly ugurlarda döwrebap maglumatlar we çuňňur derňewler hödürlener.

Guramaçylar OGT 2025-iň täze hyzmatdaşlyklary döretjekdigine we maýa goýum işjeňligini artdyrjakdygyna ynanýarlar.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy