Habarlar / Habarlar
Magtymgulynyň ýadygärligi oturdylan Kiýewdäki seýilgähe interaktiw gezelenç onlaýn elýeterli boldy

Täze 3D wirtual syýahat dünýäniň islendik künjegindäki ulanyjylara görnükli türkmen şahyry we gündogar pelsepeçisi Magtymguly Pyragynyň heýkeli oturdyllan Kiýewiň merkezindäki seýilgähde gezelenç etmäge mümkinçilik berýär. Bu barada Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy habar berdi.

Ilçihananyň binasynyň golaýynda ýerleşýän bu ýadygärlik eýýäm iki onýyllykdan gowrak wagt bäri türkmen medeniýetine we edebiýatyna goýulýan hormatyň nyşany bolup hyzmat edýär. Şeýle hem ol Türkmenistanyň we Ukrainanyň halklarynyň arasyndaky dostlugyň alamatydyr.

Interaktiw syýahat “Google Maps” platformasy arkaly elýeterlidir. Ulanyjylar seýilgähde wirtual gezelenç edip, heýkeli ýakyndan synlap bilerler. Bu taslama Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Türkmenistanda her ýyl 27-nji iýunda bellenilýän Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli guraldy.

Howanyň gyzyp başlan möwsüminde seýilgähiň gözelligine aýratyn öwüşgin berýän Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň nyşany şekilinde oturdylan gülleriň aýratyn owadanlygy bellärliklidir. Bu bolsa ýurdumyzyň milli nyşanlaryna çuňňur hormat goýmagyň alamatydyr.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy