Habarlar / Habarlar
Talyplarynyň arasynda döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, şeýle hem «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Dünýä dilleri – dost-doganlyk köprüsi» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi.

Ýaş terjimeçiler dünýäde meşhur ýazyjy-şahyrlaryň kyssa eserlerinden, poema ýa-da goşgularyndan bir parçany (7-8 sahypadan az bolmadyk möçberde) türkmen diline terjime edip, 2025-nji ýylyň 10-njy ýanwaryna çenli bäsleşige hödürläp bilerler. Terjime etmek üçin saýlanylýan eserleriň many-mazmunynyň türkmen halkynyň döwrebap milli-ruhy ýörelgelerine we ahlak gymmatlyklaryna laýyk gelmegi hökmanydyr. Öň terjime edilen (metbugatda çap edilen ýa-da kitap görnüşinde neşir edilen) eserleriň terjimesi kabul edilmeýär.

Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini «Dünýä dilleri – dost-doganlyk köprüsi» diýen ýazgy bilen hödürläp, ýanyna özleri baradaky maglumatlaryny (maglumatnama, pasportynyň nusgasy, 3x4 ölçegdäki fotosuraty, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysy, telefon belgileri) «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň dunyaedebiyaty@sanly.tm elektron salgysyna ugradyp bilerler.

Bäsleşigiň jemleri Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli 2025-nji ýylyň fewral aýynda jemlener. Bäsleşige ýaşy 35-e çenli bolan talyp ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi
Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilen OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna...
Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilen OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar
Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze...
Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze ugurlary kesgitlenildi