Habarlar / Habarlar
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklarynyň ýolbaşçylary hem-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar gatnaşdy. Duşuşykda iki ýurduň Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde dost-doganlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigi bellenilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde bu topara möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy.

Gepleşikleriň dowamynda gurluşyk, energetika, ulag, azyk senagaty we oba hojalygy ýaly iki ýurt üçin hem ileri tutulýan pudaklarda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak barada anyk ädimler kesgitlendi. Şunda türkmen we türk haryt öndürijileriniň iki ýurduň bazarlaryndaky ornuny pugtalandyrmak hem-de ugradylýan harytlaryň görnüşlerini artdyrmak meselelerine deglip geçildi.

Ulag-logistika we energetika ulgamlary özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary hökmünde aýratyn bellenildi. Taraplar Merkezi Aziýa we Ýewropa sebitlerini birleşdirýän döwrebap ulag düzümini kemala getirmek hem-de netijeli ýük daşamalary üpjün etmek barada pikir alyşdylar. Bu ugurlardaky hyzmatdaşlygyň diňe bir iki ýurduň ykdysadyýetini pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem tutuş Ýewraziýa sebitinde energetika we ulag howpsuzlygyny üpjün etmäge hem giň mümkinçilikler açjakdygy aýratyn nygtaldy.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi. Şeýle hem saparyň çäklerinde iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, geljegi uly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň amaly mümkinçilikleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi
Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilen OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna...
Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilen OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar
Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze...
Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze ugurlary kesgitlenildi