Habarlar / Habarlar
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 11-14-nji maýy aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde BMG-niň Ykdysadyýetleri üçin Ýörite Maksatnamasynyň (SPECA) gatnaşyjy ýurtlary üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ugrunda multimodal maglumatlaryň we resminamalaryň alyş-çalşygyny sanlylaşdyrmak hem-de BMG-niň ülňülerine laýyk getirmek boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi. BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy (UNECE), TRACECA-nyň Hemişelik sekretariaty we Gazagystanyň Hökümeti tarapyndan gurnalan bu çärä sebitiň döwletleriniň we halkara guramalaryň wekilleri, şeýle hem Döwlet gullugynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar we logistika bölüminiň hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň hünärmenlerinden ybarat bolan türkmen wekilýeti gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda sebitde ulag-logistika ulgamyny sanlylaşdyrmak, ulaglaryň dürli görnüşleriniň arasynda "bir penjire" ýörelgesi esasynda maglumat alyşmak we ýeke-täk maglumat modelini döretmek meseleleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, sebit ösüşinde Hazarüsti ulag geçelgesiniň ähmiýetine durulup geçilip, utgaşykly işleriň netijesinde ýükleriň daşalmak möhletiniň 30 günden 13-17 güne çenli gysgaldylandygy, şeýle hem demir ýol we deňiz ulaglary edaralarynyň arasynda ýük resminamalaryny bir standarta getirmek boýunça CIM/SMGS bitewi resminamasynyň netijeli ulanylýandygy barada Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň wekilleriniň tejribeleri diňlenildi.

Çäräniň ýörite sessiýasynda çykyş eden türkmen wekilýeti Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmek boýunça kabul edilen Döwlet maksatnamalarynyň we konsepsiýalarynyň durmuşa geçirilişi, şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Hazarüsti ulag geçelgesindäki strategik we logistik orny barada giňişleýin maglumat berdi. Şunda, türkmen tarapynyň sebitara multimodal maglumat we resminama alyş-çalşygyny sanlylaşdyrmak ugrunda UNECE we TRACECA guramalary tarapyndan alnyp barylýan taslamalara we amaly işlere mundan sora-da işjeň gatnaşmaga hem-de sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga doly taýýardygy aýratyn nygtaldy.

Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi
Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilen OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna...
Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilen OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar
Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze...
Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze ugurlary kesgitlenildi
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi