Habarlar / Habarlar
Aşgabat şäherinde GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady

2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady.Çäräniň başynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň mejlise gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.Ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän mejlisiň çäklerinde ugurdaş çäreleriň guralmagyna möhüm ähmiýet berlendigini aýtmak gerek.Mejlisiň dowamynda demir ýol ulagy edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri çykyş edip, GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň döwletara derejede demir ýol ulagynyň işini utgaşdyrmak, halkara demir ýollar torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmek, bu düzümleri häzirki zaman şertlerinde ösdürmek ýaly wezipeleriň oňyn çözgüdini esasy ugur edinýändigini nygtadylar.Mejlisde GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň geçen döwürde ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy we özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda geňeşiň iş meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.Çykyş edenler sebitde üstaşyr ýük daşamalaryň möçberini artdyrmakda Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigini bellemek bilen, ulag düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek bilen, netijeli halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak arkaly bu ugurda ägirt uly mümkinçilikleriň döredilýändigine ünsi çekdiler.Döwletleriň, sebitleriň we yklymlaryň arasynda dostluk, hyzmatdaşlyk köprülerini gurýan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynda ulag diplomatiýasyna aýratyn ornuň degişlidigini aýdyp, çykyş edenler GDA agza ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän mejlisde hut şu ugurlar boýunça özara pikir alşylmagynyň ähmiýetini bellediler.2023-nji ýylyň maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabry “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi.Şeýle-de mejlisde çykyş edenler 2016-njy ýylda Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynyň geçirilendigini aýdyp, Türkmenistanyň ulag ulgamynda öňe sürýän başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini nygtadylar.Günüň ikinji ýarymynda GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisiniň çäklerinde ikinji «Ýaş demirýolçular» forumy geçirildi. Onda bu ugry sazlaşykly ösdürmegiň strategiýasyny işläp taýýarlamak, demir ýol ulaglary edaralary üçin ýokary hünärli işgärleri ýetişdirmek bilen baglanyşykly meseleler wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.Demir ýollary ulanmak arkaly üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi, sebitde ýük daşamalary artdyrmak barada pikir alyşmalar boldy. Mundan başga-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Demir ýol ulagynyň meseleleri boýunça geňeşiniň nobatdaky halkara mejlisiniň we «Ýaş demirýolçular» II forumynyň gün tertibine girizilen meseleleriň ähmiýeti nygtaldy.Munuň özi sebitiň çäklerinde Demirgazyk—Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgeleri boýunça ýük daşamalary artdyrmak, ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçilikleriniň ählumumy derejede peýdalanylmagyny üpjün etmek ugrunda başlangyçlaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna giň ýol açar.GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi hem-de ikinji «Ýaş demirýolçular» forumy öz işini dowam edýär.

Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi
Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilen OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna...
Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilen OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar
Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze...
Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze ugurlary kesgitlenildi
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi