Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň iň ýokary döwlet baýragy bilen sylaglanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň iň ýokary döwlet baýragy – “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Daražali Dustlik”) ordeni bilen sylaglanyldy. Sylag dabarasy duşenbe güni Daşkent şäherinde geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bu çözgüdiň Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň iki doganlyk ýurduň arasyndaky dostlugy, özara ynanyşmagy we strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde bitiren hyzmatlaryna özbek halkynyň ýürekden bildiren hormatynyň we ykrar etmesiniň beýanydygyny belledi.

— Siz, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri kakaňyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýoluny mynasyp dowam edýärsiňiz, diýip Mirziýoýew aýtdy.

Özbegistanyň Prezidentiniň aýratyn nygtamagyna görä, Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen-özbek gatnaşyklary, hususan-da söwda-ykdysady ugurlar boýunça işjeň ösdürilýär. Şu ugurda gazanylan üstünlikleriň hatarynda “Şawat–Daşoguz” serhetýaka söwda zolagynyň işe girizilmegi hem-de energetika, ulag we logistika pudaklarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi görkezmek bolar.

Türkmenasynyň Prezidenti sylag üçin Özbegistanyň ýolbaşçylaryna we halkyna minnetdarlyk bildirdi hem-de ýurtlaryň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine taýýardygyny tassyklady.

Şeýle hem 2025-nji ýylyň aprel aýynda degişli ýokary derejeli döwlet sylagy bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem sylaglananlygy bellenildi.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy