Habarlar / Habarlar
Türkmenistan we Özbegistan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň toplumyna gol çekdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýokary derejedäki gepleşikleriň netijesi boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitleýän hem-de taraplaryň özara gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklayan “Bilelikdäki Beýannama” gol çekdiler. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.

Döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda söwda-ykdysady hem-de ulag ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekişlik dabarasy geçirildi. Olaryň arasynda — “Özbek-Türkmen serhetüsti söwda zolagynyň işini düzgünleşdirýän Ylalaşyk”, şeýle hem nebit önümlerini we suwuk himiki ýükleri daşamaga niýetlenen “demir ýol wagonlaryny üpjün etmek baradaky hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň” Memorandumy bar.

Resminamalaryň esasy bölegi ynsanperwer, saglygy goraýyş, oba hojalygy we ekologiýa ugurlaryny öz içine alýar. “Saglygy goraýyş we lukmançylyk ylmy ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyk”, “2026–2027-nji ýyllar üçin medeniýet babatda hyzmatdaşlyk Maksatnamasy”, tokaý hojalygy boýunça hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasy”, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlar we awtomobil gatnawlary boýunça hökümetara ylalaşyklara goşmaça Teswirnamalar gol çekilen resminamalaryň arasynda ýerleşýär.

Sebitleýin hyzmatdaşlygyna hem aýratyn üns berildi. “Surhanderýa we Kaşkaderýa welaýatlarynyň häkimlikleri bilen Lebap welaýatynyň häkimliginiň”, “Daşkent welaýaty bilen Ahal welaýatynyň häkimliginiň”, şeýle hem “Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň häkimligi bilen Karakalpakystan Respublikasy Ministrler Kabinetiniň” arasynda hyzmatdaşlyk ylalaşyklary baglaşyldy. Bu resminamalar söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy