Habarlar / Habarlar
S7 awiakompaniýasy 2026-njy ýylda Aşgabat–Nowosibirsk uçuşlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Russiýanyň S7 awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň ýazynda Aşgabat bilen Nowosibirsk şäherleriniň arasynda göni uçar gatnawlaryny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça baş wekili Ýewgeniý Çernyşow Aşgabatda geçirilýän “Türkmentel–2025” hem-de "Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025" (ITTC 2025)” sergileriniň çäginde aýtdy diýip, TASS habarlar agentligi habar berýär.

Onuň sözlerine görä, täze ugur boýunça degişli işler häzirki wagtda işjeň derejede alnyp barylýar. Ýewgeniý Çernyşowyň bellemegine görä, S7 awiakompaniýasy Merkezi Aziýa sebitinde hyzmatlaryny giňeldip, sebitiň ähli ýurtlaryna uçar gatnawlaryny amala aşyrýar.

S7 awiakompaniýasy 2008-nji ýyldan bäri Moskwa bilen Aşgabat aralygynda uçuşlary ýerine ýetirip gelýär. Häzirki wagtda bu ugur boýunça uçuşlar her gün amala aşyrylýar. Kompaniýa täze — Aşgabat–Nowosibirsk ugruny hem açmagy meýilleşdirýär. Nowosibirsk şäheriniň saýlanylmagynyň esasy sebäbi bolsa, S7-niň iň iri üstaşyr merkezi hut şol ýerde ýerleşýär.

12–14-nji noýabr aralygynda geçirilýän halkara sergilere dürli ýurtlardan 80-e golaý kompaniýa gatnaşýar. Russiýa tarapyndan bu çärede S7 bilen birlikde “Ozon” söwda platformasy we Russiýanyň deňiz gämi gatnaw registri hem gatnaşýar.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy