Habarlar / Habarlar
Frankfurtda Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri üstünlikli geçirildi

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frankfurt şäherinde halkara derejeli “Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri” forumy üstünlikli tamamlandy. Çäräniň maksady Türkmenistanyň hem-de Germaniýanyň arasynda, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlary bilen söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybarat boldy.

Forumyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de hyzmatdaş guramaçysy hökmünde TMT Consulting Group kompaniýasy çykyş etdiler. Çäräniň geçirilmegine Türkmenistanyň Frankfurtdaky Konsullygy we Germaniýanyň Gündogar ykdysadyýeti boýunça komiteti hem işjeň goldaw berdiler.

Foruma Türkmenistanyň döwlet edaralaryndan 43 hem-de hususy pudakdan 63 wekil gatnaşdy. Mundan başga-da, Germaniýadan we beýleki Ýewropa ýurtlaryndan 126 sany daşary ýurtly myhmanlar foruma gatnaşdylar.

Çäre 70-den gowrak german kompaniýalarynyň we senagat birleşikleriniň, şeýle hem 55 türkmen kompaniýalarynyň hem-de degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda plenar mejlis, dört mowzuklaýyn panel maslahatlary, 86 sany B2B we 38 sany B2G duşuşyk geçirildi, şeýle hem 12 sany ikitaraplaýyn ylalaşyklara we Ähtnamalara gol çekildi.

Forumyň baş hemaýatkärleri hökmünde "Ojar Aziýa" hem-de "John Deere" kompaniýalarnyň çykyş etmegi bu çäreniň ýokary derejesini we ähmiýetini açyp görkezdi we öňdebaryjy işewür düzümleriň Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna bolan taýýarlygyny beýan etdi.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy