Habarlar / Habarlar
Türkmenistanda “Serhetabat” gümrük nokadynyň durky täzelener

Türkmen-owgan döwlet serhedinde ýerleşýän “Serhetabat” gümrük nokadynyň durkuny täzelemek boýunça gurluşyk işleri başlandy. “Serhetabat” gümrük nokady Türkmenistanyň daşary söwdasynyň haryt dolanşygynda hem-de “Lapis Lazuli” we başgada birnäçe halkara ulag geçelgeleriniň ugry boýunça üstaşyr ýükleriň geçirilmeginde uly ähmiýetli gümrük nokatlarynyň biri bolup durýar.

Gurluşyk işleri “Sapaly geljek” hojalyk jemgyýeti tarapyndan 2025-2027-nji ýyllar aralygynda ýerine ýetiriler. Gurluşyk işleriniň barşynda öňki hereket edýän binalaryň durky düýpli täzelener, birnäçe täze binalar we desgalar gurlar. 

Şeýle hem, taslamanyň çäklerinde ulag serişdeleri üçin täze rentgen-barlag enjamyny gurnamak hem-de gümrük amallary üçin sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Işleriň netijesinde bolsa, gümrük nokadynyň ulag geçirijilik kuwwatyny bir günde jemi 500 awtoulaga çenli ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa gümrük nokadynyň häzirki taslama kuwwatyndan 2,5 esse ýokarydyr. 

Taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurduň logistika ulgamynyň mümkinçiliklerini giňelder hem-de Türkmenistanyň üsti bilen geçirilýän üstaşyr ýükleriň möçberiniň artmagyna güýçli itergi berer.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy