Habarlar / Habarlar
Frankfurtda “Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleri” forumy açyldy

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frankfurt şäherinde  penşenbe güni “Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleri” forumy öz işine başlady.

30–31 oktýabr aralygynda geçirilýän iki günlük çäre iki ýurduň işewürleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşmaga giň mümkinçilikleri döretdi.

Forumyň çäginde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, täze ulag-logistika ugurlaryny kemala getirmek we energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Maksatnamada “ýaşyl” ykdysadyýete geçiş, sanly özgertmeler hem-de elektron hökümet ulgamyny ösdürmek aýratyn orun eýeleýär. Forumda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda oba hojalygyndaky hyzmatdaşlygy we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak hem bar.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleri, 2025-nji ýylyň 30-njy oktýabry, Frankfurt, Germaniýa

 

Çäre 50-den gowrak iri german kompaniýalarynyň we maliýe-senagat birleşikleriniň we 51 sany türkmen kompaniýalarynyň hem-de strategik ähmiýetli döwlet edaralarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Germaniýanyň wekilleriniň hatarynda iri senagat kärhanalary we banklar bar, şol sanda çäräniň dowamynda Deutsche Bank AG, Commerzbank AG, BOMAG GmbH, CLAAS GmbH, John Deere International GmbH, BASF-Intertrade ýaly iri kompaniýalaryň wekilleri çykyş ederler. 

Mundan başga-da, esasy pudaklaýyn birleşikler – German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti, German obasenagat bileleşigi, German Söwda we Maýa goýum agentligi (GTAI) hem-de Frankfurtyň Ykdysady ösüş agentligi bu foruma gatnaşarlar.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy