Habarlar / Habarlar
Türkmenistan we Germaniýa Frankfurtdа ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşarlar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan TMT Consulting Group kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Germaniýanyň Frankfurt şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleriniň çäklerinde "Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek: ýetilen sepgitler we mümkinçilikler" atly mowzuklaýyn ilkinji mejlisi geçiriler.

Bu mejlisi German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms alyp barar. Ol köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň ynamdar hyzmatdaşy hem-de ýurdumyzda geçirilýän halkara derejeli işewür çäreleriň hormatly myhmany hökmünde tanalýar.

Türkmenistan bilen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin we netijeli häsiýete eýe bolup, durnukly söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, german işewür düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine hem-de ýurdumyzyň strategik ähmiýetli pudaklaryna maýa goýumlarynyň çekilmegine gönükdirilendir.

Mihael Harms Türkmenistanyň ýokary ykdysady mümkinçilikleriniň bardygyny aýratyn nygtamak bilen, nemes kompaniýalary bilen gatnaşyklary giňeltmegiň önümçilik, öňdebaryjy tehnologiýalar, “ýaşyl” energetika, himiýa we dokma senagaty, gurluşyk, ulag hem-de sanly ykdysadyýet ugurlarynda has-da möhüm ähmiýete eýedigini belleýär.

Türkmen–german söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine bagyşlanan birinji mejlisiniň geçirilmegi, iki ýurduň arasynda öňden gelýän dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakda möhüm ädim bolar. Şeýle-de ol Ýewropa giňişligindäki gyzyklanma bildirýän döwletler bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi üçin hem täze mümkinçilikleri açar.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy