Habarlar / Habarlar
Türkmenistan, Hytaý, Gyrgyzstan, Özbegistan, Azerbaýjan synag demirýol ugruny işe girizdiler

Gyrgyzstan, Özbegistan, Türkmenistan we Azerbaýjan bilelikde Hytaý – Gyrgyzstan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan (Baku) ugry boýunça synag demirýol otlusyny işe girizdiler. Bu taslama transport hyzmatdaşlygyny berkitmek we halkara logistika baglanyşyklaryny giňeltmek maksady bilen amala aşyrylýar.

Taslama “Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi“ (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, “O’ztemiryo’lkonteyner” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we Azerbaýjanyň "Alliance Multimodal" kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynda durmuşa geçirilýär diýip, TULM habar berýär.

Synag tapgyrynyň çäginde Hytaýdan Azerbaýjana dört sany 40 futlyk konteýner iberildi. Häzirki wagtda konteýnerler Gyrgyz Respublikasynyň Oş stansiýasyna gelip ýetdi, bu ýerde resminamalary taýýarlamak we ulaglary Özbegistan, Türkmenistan we Hazar deňizi arkaly Azerbaýjana ugradylyşyna taýýarlyk görülýär.

Garaşylan ylalaşyklara laýyklykda, Oş stansiýasyndan Bakua çenli tranzit wagty 12 kalendar güni düzýär.

Hazarüsti halkara ulag geçelgesi adaty aragatnaşyk ýollara möhüm esas bolup, Hytaýy Ýewropa bilen Merkezi Aziýa, Hazar deňzi, Kawkaz we Türkiýe arkaly baglanyşdyrýar.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy