Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.Kapitoliý muzeýiniň meýdançasynda döwlet Baştutanymyzy Rim şäheriniň häkimi Roberto Gualtýeri mähirli garşylady.Bu ýerde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde edebi-sazly çykyş ýaýbaňlandyryldy.Çykyş tamamlanandan soňra, Rim şäheriniň häkimine söz berildi.Roberto Gualtýeri dabara gatnaşyjylary hem-de Türkmenistanyň Prezidentini mübärekläp, müňýyllyklaryň dowamynda Rimiň taryhynyň emele gelen ýeri bolan Kapitoliý baýrynda «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylýandygyny aýtdy we 2025-nji ýylyň oktýabry – 2026-njy ýylyň aprel aýy aralygynda geçiriljek bu giň möçberli çäräniň Merkezi Aziýanyň medeni mirasyny Ýewropa siwilizasiýasynyň gözbaşy bilen birleşdirýän özboluşly köpri bolup durýandygyny belledi.Soňra çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Prezidentine söz berildi.Prezident Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylary Italiýa Respublikasynyň Rim şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň muzeýlerinde saklanýan ýurdumyzyň arheologik ýadygärliklerinden ýüze çykarylan ajaýyp gadymy eserleriň nusgalarynyň bu sergide uly gyzyklanma döretjekdigine ynam bildirdi.Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasynda halkara hyzmatdaşlyk netijeli häsiýetde ösdürilýär. Türkmen-italýan dostlukly hyzmatdaşlygynda medeni gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär. Medeni ulgamyň hyzmatdaşlygynda toplanan baý tejribe we hoşniýetli däpler bu ugurdaky gatnaşyklary dowam etmäge, iki ýurduň taryhyna, medeniýetine, sungatyna gyzyklanmalary höweslendirmäge ýardam berýär. Medeni-ynsanperwer ulgamda döwletara hyzmatdaşlygy ilerletmegiň netijeli gurallarynyň biri-de dostlukly ýurtlarda medeni çäreleriň geçirilmegidir.Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda Italiýa Respublikasynyň Rim şäherinde «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy we ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyndan gelip çykýan aýdyň maksatlaryň dünýä halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge, medeni hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge uly ýardam berýändigini nygtady.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyş dabarasyndaky doly çykyşy bilen şu salgy boýunça tanşyp bilersiňiz:https://www.mfa.gov.tm/tk/articles/1706Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.Soňra Türkmenistanyň Prezidenti toý bagyny kesip, dabaraly ýagdaýda sergini açdy.Bu sergi Türkmenistan bilen Italiýanyň arheologiýa we medeni mirasy gorap saklamak ulgamynda alyp baran köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň aýdyň netijesidir.Şeýle hem dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen Italiýanyň Kapitoliý medeni miras müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Italiýanyň Kapitoliý medeni miras müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy