Habarlar / Habarlar
Türkmenistan Hytaýy bilelikdäki ulag-logistika ulgamyny döretmek boýunça dialoga çagyrdy

Türkmenistan hytaýly hyzmatdaşlary Merkezi Aziýanyň çäginden, Hazar deňziniň üstünden geçýän we günbatar tarapa uzaýan Türkmenistan — Hytaý ulag-logistika ulgamyny döretmek boýunça dialoga çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Pekin şäherinde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen geçirilen duşuşygynda aýtdy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary  Hytaýyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýändigini belläp,  iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklar, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk we syýasy dialogyň işjeň ösdürilýändigini aýtdy.

Energetika ulgamy, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.  2009-njy ýyldan bäri üstünlikli hereket edýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti hytaýly hyzmatdaşlaryň, hususan-da, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işine ýokary baha berip, munuň üçin minnetdarlyk bildirdi.

Häzirki wagtda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň HHR bilen milli demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, Hytaýdan täze tehnikalary satyn almak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady hem-de Türkmenistanyň öz üstaşyr ulag infrastrukturasyny işjeň ösdürýändigini aýdyp, Hazarüsti logistika ugruny döretmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan iki ýurduň hem özara hyzmatdaşlygy has-da ýokary derejä çykarmaga taýýardygyny tassyklap, birek-birege berk jan saglygyny, döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.

Mundan öň Türkmenistanyň we Hytaýyň wekilleri iki ýurduň ulag geçelgelerinden peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasyndan Ýewropa çenli Merkezi Aziýa arkaly ýük daşamak üçin täze, bähbitli ugurlary döretmek mümkinçiliginiň öwrenilmeginiň ähmiýetini nygtadylar.

Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary