Habarlar / Habarlar
Türkmenistan ŞHG döwletlerine iberilýän tebigy gazyň möçberini artdyrmaga taýýar

Türkmenıstanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Hytaýyň Týanszin şäherinde geçen “ŞHG+” sammitindäki çykyşynda Türkmenistan ŞHG döwletlerine tebigy gazy ibermegiň möçberini artdyrmaga taýýardygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Döwlet baştutanynyň bellemegine görä, Türkmenistan energetika ulgamynda has ýakyn hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýär we elektrik energiýasyny ibermek, onuň ugurlaryny hem-de möçberini giňeltmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin açykdyr.

Türkmenıstanyň Prezidenti energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlykdan başga, aragatnaşyk ulgamynda Türkmenistanyň häzirki wagtda ŞHG-a agza döwletleriň birnäçesi bilen hyzmatdaşlykda Owganystanyň üsti bilen Pakistana optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça iri taslamany durmuşa geçirýändigini belläp, gurama täze giň möçberli taslamalaryň geografiýasyny giňeltmäge we kuwwatyny artdyrmaga işjeň gatnaşmagy teklip etdi.

“Ýurtlarymyzyň okgunly ykdysady ösüşi, täze senagat kärhanalarynyň barha artýan sany, öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň giňeldilmegi — bularyň ählisi ykdysady hyzmatdaşlygymyzda öz beýanyny tapmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, biz senagat kooperasiýasy strategiýasyna gatnaşmaga taýýardyrys.”- diýip Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow belledi.

Tebigy gazyň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistan bu ugurda dünýäde dördünji orny eýeleýär. “Nebit-Gaz” elektron gazetiniň habar bermegine görä,  2024-nji ýylda Türkmenistanda 77,6 milliard kubmetr tebigy gaz we 8,3 million tonna nebit çykardy.

Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary oku...
Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary okuw mekdepleriniň açylyşyna gatnaşdy
Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilç...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçis...
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş...
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy