Habarlar / Habarlar
Türkmenistan-Pakistan: deňiz portlary arkaly üstaşyr ýük daşama mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow duşenbe güni Pakistanyň Deňiz işler boýunça federal ministri Muhammet Junaid Anwar bilen ýurtlar arasyndaky ulag we logistika hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerini maslahatlaşdy. Duşuşykda taraplar, Türkmenbaşy, Karaçi we Gwadar portlarynyň sebit söwdasy üçin strategik ähmiýete eýe bolýan üstaşyr ýük daşama we logistika mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak barada pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasy habar berýär.

Duşuşykda sebitiň döwletleri arasynda ygtybarly ulag geçelgelerini döretmek üçin demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmagyň zerurlygyna aýratyn üns berildi.
Taraplar köpugurly hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtap, Pakistanyň ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde we söwda ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakda birleşdiriji halka hökmünde strategik ähmiýetini aýratyn bellediler.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar sebitiň ykdysady ösüşine hem-de infrastruktura mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, şeýle hem konstruktiw gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Pakistanyň iri deňiz portlary bolan Karaçi we Gwadar sebitiň söwda-ykdysady gatnaşyklarynda uly ähmiýete eýedir. Karaçi ýurduň halkara söwda ýükleriniň köpüsini, şol sanda konteýner we nebit ýüklerini kabul edýär. Gwadar bolsa, Hytaýyň "Bir guşak, bir ýol" başlangyjynyň bir bölegi hökmünde ösdürilýär we geljekde möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde görülýär.

Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary oku...
Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary okuw mekdepleriniň açylyşyna gatnaşdy
Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilç...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçis...
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş...
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy