Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Liderini Aşgabatda geçiriljek foruma çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 29-njy awgustda telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýony 12-nji dekabrda Aşgabada geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy. Forum Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigi hem-de ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Söhbetdeşligiň başynda döwlet ýolbaşçylary birek-biregi mähirli gutlap, türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ýokary derejede alnyp barylýandygyny nygtadylar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow koreý kärdeşine täze saýlanan döwlet Baştutany hökmünde alyp barjak jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi. Li Çže Mýon hem öz gezeginde mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigini belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar özara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda iri senagat taslamalaryny durmuşa geçirmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmek hem-de halkara guramalardaky hyzmatdaşlygy berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de hyzmatdaşlygyň sebit derejesindäki “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” dialogunyň çäklerinde dowam etdirilmegi barada hem aýratyn nygtaldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirdi we Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýandygyny belledi.

Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary oku...
Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary okuw mekdepleriniň açylyşyna gatnaşdy
Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilç...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçis...
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş...
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy