Habarlar / Habarlar
Aşgabatda hususy pudak üçin sanly özgeriş boýunça okuwlar geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji awgustyndan 29-njy awgustyna çenli Türkmenistandaky BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen bilelikde ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň wekilleri üçin sanly özgeriş boýunça birnäçe okuwlary geçirdi. Bu okuwlar BMGÖM bilen Aragatnaşyk ministrliginiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň sanly ykdysadyýeti üçin konsepsiýa we döwlet maksatnamasyny işläp düzmek boýunça bilelikdäki taslamasynyň bir bölegi boldy.

Okuwlara Türkmenistanyň 30-a golaý ministrliginiň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdy. Maksatnama institusional mümkinçilikleri ösdürmek we döwrebap sanly çözgütleri döwlet edaralarynyň gündelik işlerine girizmage gönükdirildi. Bu barada BMGÖM habar berdi.

Telekeçiler, kiçi we orta telekeçiligiň hem-de startaplaryň wekilleri üçin aýratyn okuw maksatnamasy gurnaldy. Onda sanly dolandyryş, iş strategiýalarynyň taýýarlanylyşy, guramalaryň sanly ösüş derejesiniň seljermesi, kiberhowpsuzlyk, maglumatlary dolandyrmak hem-de döwlet edaralaryny sanlylaşdyrmakda halkara tejribeleri öwrenmek ýaly mowzuklar öz beýanyny tapdy.

Guramaçylaryň bellemegine görä, bu okuwlar durnukly sanly infrastrukturany döretmäge hem-de Türkmenistanyň sanly ykdysadyýet boýunça milli maksatnamasyny durmuşa geçirilmegine taýýarlyk görmekde möhüm ädim boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) 1965-nji ýylda esaslandyrylyp, häzirki wagtda 177 ýurtda öz wekiliýetleri arkaly ykdysady ösüş boýunça dünýäniň iň giň gerimli hyzmatdaşlyk torlarynyň birini emele getirýär.

Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary oku...
Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary okuw mekdepleriniň açylyşyna gatnaşdy
Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilç...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçis...
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş...
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy