Habarlar / Habarlar
Türkmenistan, Gazagystan serhetýaka ýaşaýjylary üçin bäş günlük wizasyz düzgünini dikeltmekçi

Balkan welaýatynyň häkimi Hojamyrat Aşyrmyradow penşenbe güni Aktau şäherinde Gazagystanyň Mangistau oblastynyň häkimi Nurdaulet Kylybaý bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar serhetýaka welaýatlaryň ýaşaýjylary üçin bäş günlük wizasyz düzgünini dikeltmek başlangyjyny goldadylar.

Taraplaryň pikirine görä, bu başlangyç ynsanperwer, medeni we ykdysady gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam eder, diýip oblastyň häkimligi habar berýär.

Duşuşygyň barşynda 2025–2027-nji ýyllar üçin strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maksatnamalary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Biz Mangistau oblastynyň Balkan welaýaty bilen ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyny goldamaga taýýar. Nebitgaz, logistika, oba-hojalyk, medeniýet we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar”— diýip Nurdaulet Kylybaý belledi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar sebitara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gönükdirilen taslamalary bilelikde durmuşa geçirmegi ylalaşdylar.

Mangistau oblasty Gazagystanyň gündogarynda, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýär we Türkmenistan bilen serhetleşýär. Sebit ýurduň nebit-gaz pudagynda möhüm orun eýeleýär hem-de Aktau deňiz porty arkaly esasy ulag-logistika nokady bolup hyzmat edýär.

Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary oku...
Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary okuw mekdepleriniň açylyşyna gatnaşdy
Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilç...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçis...
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş...
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy