Habarlar / Habarlar
Türkmenistan we ÝB Aşgabatda bilelikdäki iş forumyny geçirmegi maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçisi Sapar Palwanow Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Baş müdirýetiniň sebit boýunça direktory Peteris Ustups bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda 2026-njy ýylda Aşgabatda taraplaryň ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen “ÝB – Türkmenistan” iş forumyny geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy sişenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň gün tertibinde esasan 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda Taşkentde geçirilmegi meýilleşdirilen ÝB – Merkezi Aziýa ykdysady we maýa goýum forumlaryna taýýarlyk meselesine seredildi. Şeýle hem taraplar Transhazar halkara ulag geçelgesiniň Maýa goýum forumyny taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berip, sebite halkara işewür jemgyýetiniň ünsüni çekjek forumyň üstünlikli geçirilmegine garadylar.

Türkmen diplomaty Aşgabadyň “ÝB – Merkezi Aziýa” ykdysady forumynyň nobatdaky tapgyryny kabul etmäge taýýardygyny we bu halkara çäräni geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini belledi.

Diplomatlar şeýle hem oktýabr aýynda Ýewropa Bileleşiginiň paýtagtynda geçiriljek “Global Gateway” forumynda Türkmenistanyň gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ikitaraplaýyn we sebit derejesinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny belläp, aýratynlykda transport, bilim we ynsanperwerlik ulgamlaryndaky baglanyşygyň ähmiýetini nygtadylar.

Her ýyl Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistan ikitaraplaýyn bilelikdäki toparyň ýygnaklarynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça gepleşikleri geçirýärler. Taraplar söwda we ykdysadyýet, ÝB – Merkezi Aziýa Strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi, syýasy we ykdysady wakalar hem-de ösüş we hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň möhüm meselelerini seljerýärler we maslahatlaşýarlar, diýip Türkmenistanyň ÝB-däki wekiliýasy habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary oku...
Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary okuw mekdepleriniň açylyşyna gatnaşdy
Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilç...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçis...
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş...
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy