Habarlar / Habarlar
Türkmen telekeçileri daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen şertnama baglaşdylar

19-njy martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli ýurduň dürli künjeginde iş alyp barýan hususy düzümleriň 230-dan gowragyny bir ýere jemläp, üç gün dowam eden sergi öz işini tamamlady. Bu waka bilen baglanyşykly geçirilen maslahat hususy pudakda geçen döwrüň dowamynda gazanylan üstünliklere ser salyp, geljekde öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitlemekde uly ähmiýete eýe boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, özara tejribe hem pikir alyşmagyň, täze işewürlik hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň amatly meýdançasyna öwrülen serginiň dowamynda telekeçilerimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň giň toplumlary, olaryň önümçiliginde ornaşdyrylýan täze innowasion usullar bilen tanyşdyrdylar.

Giň gerimli forumda ýurduň hususy düzümleri bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk şertnamalaryna, ähtnamalara gol çekildi. Hususan-da, «Bagdan» hojalyk jemgyýeti bilen Türkiýäniň «Bulutlar Kuruyemiş Tarim» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama mekgejöwen çipsilerini, pisse maňyzlaryny, lukumlary, wafli kökelerini, süýjüleri doganlyk ýurda eksport etmegi göz öňünde tutýar. Hojalyk harytlaryny öndürmek üçin himiýa serişdelerini satyn almak maksady bilen, «Täç hil» hususy kärhanasynyň we Türkiýäniň «Ostan Grup Diş Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň arasynda hem şertnama gol çekildi. «Belli tilsimat» hojalyk jemgyýeti bilen «Sinergiýa» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen resminamalar maglumat tehnologiýalary ulgamynda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.
Ýurduň hususyýetçileriniň 29 müňe golaýyny özüne birleşdirýän Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli geçirilen forumyň ýapylyş dabarasynda oňa işjeň gatnaşan telekeçilere diplomlar gowşuryldy diýlip, habarda bellenilýär.

Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi
Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilen OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna...
Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilen OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar
Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze...
Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze ugurlary kesgitlenildi
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi