Habarlar / Новости
Hyratda Magtymguly Pyraga bagyşlanan maslahat geçirildi

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Mary welaýatynyň sungat işgärleri Owganystanyň Hyrat şäherinde saparda boldular. Saparyň dowamynda Hyrat şäherinde welaýat häkimliginiň we Türkmenistanyň Hyratdaky Baş konsullygynyň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan maslahat geçirildi. Bu barada konsullygyň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, maslahatda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň eserleriniň yslam dünýäsinde tutýan orny, türkmen-owgan gatnaşyklary barada türkmen, dari, puştun dillerinde çykyşlar boldy. Şol sanda, beýik şahyryň dürli dillerde çap edilen şygyrlary okaldy.

Çäräniň soňunda oňa gatnaşyjylar iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň günsaýyn berkeýändigini buýsanç bilen bellediler diýlip, habarda aýdylýar.


 

В Узбекистане функционируют 200 компаний с туркменским капиталом
Suvari Shipping доставила промышленное тяжеловесн...
Suvari Shipping доставила промышленное тяжеловесное оборудование в порт Туркменбаши
Туркменская делегация приняла участие в Дохийском форуме
В Туркменистане открылись праздничные ярма...
В Туркменистане открылись праздничные ярмарки
Президент Туркменистана награждён юбилейной медалью к 30-летию постоянного Нейтралитета страны
Туркменистан объявил 11–13 декабря выходными днями по случаю Дня Нейтралитета
В Ашхабаде открылся первый официальный магазин одежды Mango
Президент Туркменистана утвердил новые кад...
Президент Туркменистана утвердил новые кадровые назначения в судебной системе
Япония готовится провести саммит с лидерами стран Центральной Азии
Туркменистан обсудил расширение экспорта г...
Туркменистан обсудил расширение экспорта газа с Глобальным газовым центром